Türkmenabat XIX-XX asyrda

Salam okaýjylar!

Türkmenabadyň gadymy suratlaryny tapdym, näçenji ýyllardygyny bilemok, ýöne Çärjew Buharanyň düzüminde wagty eken. Meniň pikirime görä 19-njy asyrlar bolmaly.

Read more…

Beýnimde döredijilik ýitdi.

Salam hormatly okaýjyla

r!
Soňky gezek ýazanyma bir ýyl bolupdyr, şu wagt blogymyň tozanyny kakyşdyryp size içimi dökeýin diýdim. Internetde kän üýtgeşme bolupdyr tüweleme, ýöne meniň durmuşymda hiç zat bolmady. Işe girdim, iş bilen başagaý bolup ýörün, hiç zada el degmeýär, öýe gelip bir kino görüp sag-aman ýatmak arzuwym. Gün-de şol bir zat, işe barýaň, gelýäň, barýaň we gelýäň. Günde şol bir adamlary görýäň. Monotonlyk diýilýär öýtýän sowremenny dilde.

Kellädäki döredijilik doly ýitýär. Tormoz ýaly bolup ýöreýän. Ýagny giň pikirlenme Read more…

Lebap futbol klubynyň resmi web sahypasy açyldy.

Salam hormatly okaýjylar!

Köpden bäri blog ýazmadym, dogrymy aýtsam ýazar ýaly işem bitirmedim. Ine indi ýakynda veriloft-yň oglanlary bilen Fk Lebap klubynyň resmi web saýtyny döretdik.

Elbetde saýty Fk Lebep klubynyň zakazy boýunça ýasaldy. Türkmen futbolynda bu bir basgançak ýokaryk galmakmyka diýip pikir etýän. Janköýerler, indi siz söýgüli futbol klubyňyz hakynda maglumatlar alyp, oýunçylary bilen ýakyndan tanyşyp. Ýokary liganyň turnir tablisasyny yzarlap bilersiňiz. Saýty resmi bolanlygy sebäpli, ähli täzelikleri klubyň administrasiýasy ýetirip durar.

Türkmen futbolynda ilkinji resmi saýtyny döreden klub Fk Lebap.

Dogrymy aýtsam, özümem FK Lebabyň ölermen janköýeri. :)

Web saýty döredip beren oglanlara, Nazar Ýagşymammedowa, Agajan Hezretgulyýewa, Röwşen Gowşakowa öz adymdan we futbol klubyň administrasiýasynyň adyndan aýratyn minnetdarlyk bildirýärin.

 

Saýtyň web adresi: www.fclebap.com

 

Gyz-gelinlere, ejelere gutlag.

Hormatly gelin-gyzlarymyz, uýalarymyz we ejelerimiz!

Ähli erkekleriň we öz adymdan, siziň BARLYGYŇYZA minetdarlyk bildirýän.

Biz käwagt durmuş probemalary bilen size kän üns bermedik wagtymyz bolýar, alada bilen gurşap almadyk wagtymyz bolýar, göwnüňize degen wagtymyz bolýar. Ine şu 8-nji mart baýramy biziň beýnilerimizi öňki ýerine getirýär.

 

Bu baýramyň täsirini siziň ýürekleriňizde ebedilik nädip saklap bolarka?

Bu baýramyň täsiri we owadan sözler siziň ýürekleriňizde ebedilik ýaşasyn.

 

Ähliňizem gutllaýan!

“Senem Urod?”

Salam!Senem Urod?

Ýakynda işler bilen Gazojaga otlyda gitmeli boldum. Otla münüp gören bolsaňyz, bilýänsiňiz, ol ýeri-de aýratyn bir dünýä. Içinde öz satyjylary, alyjylary, dünýäniň we Türkmenistanyň iň täze habarlaryny ýetirýän daýzalar bardyr. smileDogrymy aýtsam, men otlydaky satyjalary gaty halaýan. Olaryň “lýaşka, kolbasa, napitok, karta, çilim bar” diýen aýdymlary gulaga ýakymly. Meniň özümen 1998-nji ýyllar wagonlara aýlanyp suw satyp görüpdim.

Gazojaga gidenimde, gaty üýtgeşik satyjy gördüm. Belki ony sizem görensiňiz. Adyna Read more…

Näme üçin köp adam ölüm ýastygynda ýatyrka, ýaşan ömrüne ökünýär?

Salam dostlar!
Siz, ir ýa-da giç öljegiňiz hakda pikir edip gördüňizmi?Ölüm sagady
Men bu soraga 8 ýaşlarymdan pikir edip başladym. Ýadymda, mekdepden öýe barýarkam, 2-nji klas gyzy göz öňümde  maşyn kakypdy. Gyzjagaz dünýäsini täzeledi. Menem şonda gaty gorkupdym. Haçan bolsa-da, bir wagt ölmelidigime göz ýetirdim.

Ölüm — meniň pikirimçe, durmuşyň hilini ölçeýän iň gowy indikatormyka diýýän.

Soň-soňlar ölüme bolan gorky ýitdi. “Herkim ölýär” diýip özüme göwünlik berip ýördüm.
Ýöne, ýaňy Forbes žurnalyny okap otyrkam, Read more…

The Pursuit of Happyness

 

- Oglum, hiçhaçan hiçkime “sen muny edip bilmersiň” diýen sözi özüňe aýtdyrma. Hatda maňa-da aýtdyrma. Bolýarmy?!

Bolýar!

- Sende arzuwyň we maksadyň bolsa, sen olary gora. Adamlar öz durmuşynda bir zady başarmasa, senem başarmarsyň diýerler. Bir  zady başarmak isleýäňmi — isleýän zadyňy al!

 

Bagt üçin göreş.  В погоне за счастьем. The Pursuit of Happyness

 

Bagt üçin göreş. Iň halaýan kinom. Her göremde, Read more…

20$-y 204$-a satmak ýa-da Bazermanyň fenomeny.

Salam dostlar!

Harvard Business School-yň profesory Maks Bezarman ýylda bir gezek, öz talyplaryna 20$ puly öz bahasyndan gymmat satýan eken. 20$ puly iň ýokary bahadan satan wagty (rekordy) 204$. :) Pikir edip görüň, 20$-y 204$ satýar. Bu muny nähli satyp bilýäke, kim satyn alyp bildikä? Muny etmek bilen, talyplara näme sapak bermek isledikä? :)

Bezerman şeýle etýän eken:

Read more…

Aşgabatda “Şirgazy konsalting” tarapyndan biznes seminarlar.

Salam dostlar!

Gowumy ýagdaýlaryňyz? :) Menem gaty gowy şu wagt. Öz biznesine gurjaklara, gelejeki telekeçilere “bomba” habarym bar. :)

Aşgabtda ýerleşýän “Şirgazy” konsalting kompaniýasy hakda buşlamakçy. Ýagny, bu telekeçiler birleşmesi. Telekeçiler üçin niýetlenen “Rysgal” gazetini okap otyrkam, “Alyjylaryň we satyjylaryň arasyndaky soraglar” diýen makala duş geldim. Gowuja makala, iň aşagynda-da www.shirgazy.info diýip adreslary bar eken. Internedimi açyp saýtlaryna girsem, Read more…

Google daýyda degişgen eken. :)

Salam dostlar!

Ýakynda http://www.vk.com saýtyna agza boldum. Gysgaça aýtsam, feçebook-yň türkmenistanda açylýan görnüşi. :)

Şol ýerde Google hakda gülkinje suratlara duşdum. Ählisini elim bilenem barladym, hakykatdanam google daýymyz degişgen eken. :) )

 

P.s. Mowzugyň içinde suratlar bardyr. Read more…

Switch to our mobile site